<?xml version="1.0" encoding="UTF-8"?><song><hymn_number>88</hymn_number>
<lyrics>[V1]
 Beýik Hudaý göge
 diräp depesin,
 Synlap otyr
 adamzadyň günäsin,
 Günä siňen
 ýürekleriň hapasyn,
 Geçmek üçin
 garaşýandyr öýkesiz.

[V2]
 Dünýäniň günäsin
 görüp göz bilen,
 Günä şärik bolman
 bütin il bilen,
 Günäden, dowzahdan
 gutulmak üçin,
 Hudaýymyz Isa
 Ýeke-täk ýoldyr!

[V3]
 Günäni adamdan ýok
 etmek üçin,
 Parahatlyk böwedinde
 durýan Sen,
 Atamyň ýolunda
 ýaşan halklaryň,
 Ebedi geljege alyp
 barýan Sen!

[V4]
 Dünýäň ýüzi günäden
 dolydyr häli,
 Sapaly durmuşa
 gadam basaly,
 Şöhratly Hudaýym
 gökden gelende,
 Huzurynda çirksiz
 gaýrat tapaly.

[V5]
 Kaksaňyz gapyny
 açylar size,
 Ýürekden dileseňiz
 berler size,
 Baky Patyşalygyna
 ýetirmek üçin,
 Rebbim sabyrlydyr
 garaşar bize.

[V6]
 Hudaýy gözleseňiz,
 taparsyz Ony,
 Ýürekde saklap ýazyň
 siz muny,
 Rebbim çykarar
 garaňkydan sizi,
 Rebbim gözünden
 sypdyrmaz bizi.

[V7]
 Isaga sygynyň
 jany-ten bilen,
 Isa gujak açar güler
 ýüz bilen,
 Rebbim halas eder
 iki el bilen,
 Rebbim ýaşap galar
 ebedi siz bilen.

[V8]
 Hudaýyň islegine görä
 ýaşasaň eger,
 Durmuşyň parahatly
 üýtgeşik bolar,
 Uzak ömürler bilen
 maksat-muratda,
 Mübärek Hudaýymyzy
 patasy bolar.

[V9]
 Göklerde çüýremez
 baýlyklar ýygnaň,
 Ýerde wagtlaýyn
 sylagyňyz bilen,
 Göklerde görünmez
 Watanymyz üçin,
 Çakylygyna mynasyp
 gulluk edeliň.

[V10]
 Isany alkyşlaň
 aýdym-saz bilen,
 Isany garşylaň
 uly toý bilen,
 Ilim garşylasyn
 desse gül bilen,
 Şöhraty beýgelsin
 beýik halk bilen.</lyrics>
<title>Isa Ýeke-täk ýoldyr! N88</title>
</song>